Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Demirgazyk Makedoniýanyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

16:0506.02.2020
0
5080

Şu gün «Altyn asyr» futbol topary Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Demirgazyk Makedoniýanyň «Akademiýa Pandew» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada garşydaş toparyň metbugat gullugy habar berýär.

«Akademiýa Pandew» Strumisa şäherinde 2010-njy ýylda esaslandyrylan topardyr. Ol Demirgazyk Makedoniýanyň çempionatynda ýaryşýar. Topar öz öýündäki duşuşyklary 9200 orunlyk «Mladost» stadionynda geçirýär. Topary esaslandyran makedoniýaly futbol ýyldyzy Goran Pandewdir.

«Altyn asyr» Türkiýede Türkmenistanyň futbol çempionatynyň we AFK-nyň kubogynyň täze möwsümine taýýarlyk görýär. «Aragatnaşykçylaryň» yklym ýaryşyndaky ilkinji garşydaşy Gyrgyzystanyň çempiony «Dordoý» bolar. «Dordoý» ― «Altyn asyr» duşuşygy 10-njy martda Bişkek şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň