Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary şaly şulhasyny peýdaly önüme öwürmegiň üstünde işleýärler

02:4902.02.2020
0
1130

Türkmenistanyň Prezidentiniň amaly barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary şaly şulhasyny gaýtadan işlemek we senagat, oba hojalyk toplumlarynda ulanmak boýunça ylmy-barlaglaryň üstünde işleýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Institutyň alymlary şaly şulhasyny termal gaýtadan işlemegiň kadaly görkezijilerini kesgitleýärler, netijede, şaly şulhasy kömürleşdirilýär we işjeň­leşdirilýär. Şu maksat bilen, alymlar ýörite peçlerde şaly şulhasyndan öýjükli işjeň­leşdirilen serişdäni almak boýunça synaglary geçirýärler. Şonuň netijesinde alnan çig mal bolsa tebigy gazy dürli garyndylardan arassalamak üçin sorujy hökmünde ulanylýar.

Şalynyň her tonnasyndan 200 kilograma golaý şulha çykýar. Dünýäde her ýyl şaly şulhasynyň 600 million tonnasynyň emele gelýändigini nazara alsaň, bu meseläniň, gürrüňsiz, ählumumy häsiýete eýedigine göz ýetirmek mümkin.

Şaly şulhasynyň aglaba bölegi ýakylýar ýa-da gömülýär. Munuň özi bolsa uly maliýe serişdeleriniň çekilmegini we zähmet çykdajylaryny, şeýle hem uly meýdanlaryň bolmagyny talap edýär. Şonuň üçin hem şaly harpygyny gaýtadan peýdalanmak derwaýys mesele bolup durýar. Şeýlelik bilen, gaýtadan işlenen şaly harpygy tebigata ýetirilýän zyýana derek adama uly peýda getirip biler. Belläp geçişimiz ýaly, ony halk hojalygynyň ençeme pudaklarynda zerur bolan önümlere, şol sanda soruja öwrüp bolýar.

Häzirki wagtda tebigy gazy arassalamak üçin ýangyç-energetika toplumynda ulanylýan sorujylaryň biri işjeň­leşdirilen kömürdir. Onuň ýurdumyza importy hem barha artýar. Agzalan ylmy-barlaglaryň netijesinde, geljekde onuň belli bir bölegini özümizde öndürilýän önüm bilen çalşyp bolar. Munuň özi «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm ähmiýete eýedir.

Şaly şulhasynyň düzümi, esasan, sellýulozadan, ligninden, şeýle hem mineral külünden ybaratdyr. Onuň 92-97 göterimini bolsa kremniniň dioksidi düzýär. Şo­ňa görä-de, gaýtadan işlenen şulha kremniniň dürli birleşmelerini almak üçin örän gymmatly çig mal bolup, senagat toplumlarynda ulanylyp bilner.

Şaly şulhasyny gaýtadan işlemegiň netijesinde kremniý uglerod serişdeleri, kremniniň dioksidi, kremniniň hloridi, kremniniň karbidi, kremniniň nitridi ýaly dürli görnüşli önümleri alyp bolýar. Olar awtomobil tekerleri üçin dolduryjy, suwy himiki (nebit, ýag) hapalardan arassalamak üçin sorujy hökmünde ulanylýar, şeýle hem reňkleri, laklary, çalgy serişdelerini öndürmekde, kagyz, emeli gön, kauçuk, metal-keramika önümleri we beýleki serişdeleri taýýarlamakda peýdalanýar.

Ýokary temperaturada we ýokary basyşyň astynda işlenen şaly şulhasy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töweregindäki topragyň şoruny aýyrmak meselesini çözmekde aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki, şeýle görnüşli şulha çyglylygy özüne çekmek ukybyna eýedir. Şonuň netijesinde toprakda duzuň toplanmagynyň öňi alynýar.

Bulardan başga-da, gaýtadan işlenen şulha oba hojalygynda dökün, metallurgiýada ýylylygy saklaýan serişde, ýangyç senagatynda ýangyç serişdesi hökmünde ulanylyp bilner. Aslynda, şaly galyndysyny gaýtadan işläp, başga-da köp serişdeleri öndürip bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň