Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda oýlap tapyş bäsleşigi geçirildi

02:2802.02.2020
0
4338

Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 6-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Zehinimiz Watana» atly ýaş oýlap tapyjylaryň sergisi guraldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Welaýat baş bilim müdirliginiň we TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramagynda geçirilen çärede mekdep okuwçylary mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda oýlap tapan dürli görnüşli enjamlaryny, kompýuter programmalaryny, täze önümçilikleriň maketlerinidir çyzgylaryny, täze sözleriň düşündirişli sözlügini we beýlekileri görkezdiler.

Ýaşlaryň sergä hödürlän işleri köplerde uly gyzyklanma döretdi. Olara Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rozy Taganowyň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek» diýen mowzukda taýýarlan «Wirtual mugallym» diýen işini, Halaç etrabynyň R.Seýidow adyndaky 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Toýly Begdekowyň «Togtamaýan otly» diýen işini, şeýle-de Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Gudrat Gapurjanow bilen Hekim Durdyýewiň «Akylly türkmen alabaýy» we «Hereketlenýän el» atly robotlaryny we beýlekileri mysal görkezmek bolar.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäherindäki, Farap, Hojambaz, Döwletli, Köýtendag, Kerki, Darganata etraplaryndaky orta mekdeplerde bilim alýan zehinli ýaşlaryň ýurdumyzda elektrik energiýasyny tygşytlamaga, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, daşky gurşawy goramaga, tebigatymyzy gözelleşdirmäge gönükdirilen işlerini aýratyn bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň