Soňky habarlar

Arhiw

Eriksen Interde

18:2928.01.2020
0
1094

Italiýanyň Inter topary Angliýanyň Premier ligasynda oýunçy almagyny dowam edýär. Milan şäheriniň wekili köp wagtdan bäri tagalla eden transferine ahyry gowuşdy. Inter topary Tottenhemiň daniýaly ýarymgoragçysy Kristian Erikseni transfer edendigini resmi ýagdaýda habar berdi. Italýan kluby bu transfer üçin iňlisler 17 million funt sterling (20 milion ýewro) tölär. 27 ýaşyndaky oýunçy Inter bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. 2013-nji ýyldan bäri Tottenhemiň köýnekçesini geýen Eriksen 302 duşuşykda 69 gol geçirip, 89 gola-da asistlik etdi. Inter topary geçen tomusda Premier ligadan Romelu Lukaku, Aleksis Sançes, gyşky transfer möwsüminde-de Eşli Ýang, Wiktor Mozes ýaly futbolçylary hataryna goşdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň