Joşua: “Meň pikirimçe Fýuri ýeňer”

16:4728.01.2020
0
960

Beýik britaniýaly boksçy, agyr agramda WBA, WBO, IBF we IBO guşaklarynyň eýesi Entoni Joşua 22-nji fewralda geçiriljek tutluşyk barada öz pikirini beýan etdi. Ol 22-nji fewralda agyr agramda WBC-iň çempionlyk guşagy üçin geçiriljek haklaşyk duşuşygynda watandaş Taýson Fýuriniň amerikaly Deonteý Waýlderi ýeňmegini isleýändigini, hatda garaşýandygyny aýtdy. Joşua: “Olaryň arasyndaky 1-nji tutluşykda köpler Fýuriniň ýeňendigini aýdýar. Ol häzirki wagtda gaty ýagdaýda çykyş edýär” diýip, watandaşynyň öwgüsini ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda Waýlder bilen Fýuri Las-Wegasda rewanş duşuşygyny geçirer. Olaryň arasyndaky 1-nji duşuşykda ýeňiş gazanan bolmandy. Britaniýaly boksçy 29, amerikaly boksçy bolsa, 42 duşuşykda ýeňiş gazandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň