Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda BAE-niň «Al-Nasr» toparyny ýeňdi

13:4228.01.2020
0
4015

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyklaryň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Nasr» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk milli ýygyndymyzyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky ilkinji duşuşygydyr. Turuwbaşdan dartgynly pursatlara baý bolan duşuşykda türkmen futzalçylary 5:3 hasabynda ýeňiş gazandy. Milli ýygyndymyzyň pökgülerini 11-nji minutda Abdylla Gurbannepesow, 12-nji minutda Mülkaman Annagulyýew we 27, 36 hem-de 37-nji minutlarda Öwezbaý Muhammetmyradow geçirdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, milli ýygyndymyz 29-njy ýanwarda ýerli toparlaryň ýene biri bilen duşuşar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, BAE-däki türgenleşiklerden soňra horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz halkara ýaryşa gatnaşmak üçin Tailanda ugrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň