Tok bilen işleýän ýangyn söndüriji ulag

10:5827.01.2020
0
1429

Elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji ýangyn söndüriji ulag Kanadanyň Demirgazyk Wankuwer şäherinde peýdalanylyp başlandy. Innowatiw ulag okuw-türgenleşik maksady bilen ulanylar. “Rosenbauer America” şereketiniň işläp taýýarlan ulagynyň nusgalyk görnüşi ilkinji gezek 2017-nji ýylda tanyşdyrylypdy. Şondan bäri bu ulag has hem kämilleşdirilip, gysga wagtda zarýad alýan batareýalar bilen üpjün edilipdir. Ýangyn söndüriji topar üçin 8 orunlyk ýeri bolan ulagyň bahasynyň adaty ýangyçly ulag bilen deň boljakdygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň