Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginde Hytaýdan getirilen täze enjamlar ornaşdyrylýar

15:1025.01.2020
0
791

Ýaşy bir asyra golaýlan Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginiň pile kelepleýji bölüminde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen döwrebap enjamlaryň täze toplumyny gurnamak işlerine badalga berildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde ozal Ýaponiýa, Çehiýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly döwletlerden getirilen kuwwatly tehnologiýadan peýdalanylýardy. Ýüpegiň watanyndan getirilen täze enjamlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen, pile kelepleýjilik işiniň kuwwaty ozalkysyndan 10 esse artar. Bu ýerde täze önümhana dörär, iş orunlary emele geler.

Ýeri gelende aýtsak, önümçilik birleşiginde iri bölümleriň üçüsi işleýär. 1100 çemesi hünärmeniň yhlasy we döwrebap enjamlaryň kömegi bilen bu ýerde öndürilýän ýüpek matalar, ýaglyklardyr halylar içerki bazara we eksporta goýberilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň