Türkmenistanyň çempionaty - 2019-yň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýew "Aktobeniň" türgenleşiklerine goşular

16:1724.01.2020
0
8813

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 26 ýaşly hüjümçisi Didar Durdyýew Gazagystanyň bäş gezek çempiony «Aktobe» kluby tarapyndan gözden geçirilýär. Gazagystanyň sport portalynyň habar bermegine görä, hüjümçi toparyň Kemerdäki (Türkiýe) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna goşular.

Balkanabatda doglan Didar Durdyýew Aşgabadyň «Olimp» futbol mekdebiniň uçurymydyr. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetini tamamlady. Ol meşhur ýarym goragçy Gurbangeldi Durdyýewiň ogly.

Uly futbola «Aşgabatda» girişen Didar Durdyýew dürli ýyllarda «Altyn asyr», «Hazyna», «Ahal» ýaly toparlarda çykyş etdi. Geçen möwsümde bolsa ol 14 pökgi bilen Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Didar Durdyýew Türkmenistanyň ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2012-nji ýylyň ýanwarynda Rumyniýanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirdi. Ol milli ýygyndy bilen 14 duşuşykda meýdana çykyp, şolarda 2 gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň