Soňky habarlar

Arhiw

Soňky 2 minutda hasap deňlendi

17:1322.01.2020
0
728

Angliýanyň Premier ligasynda Karlo Aneçelottiniň tälimçiligindäki Ewerton öz meýdançasynda Nýukasly kabul edip, üstünligini saklap bilmedi. Çekeleşikli geçen oýunda Ewerton Moýza Kiniň 30-njy, Kalwer-Lewiniň 54-nji minutdaky gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik myhmanlar oýnuň goşmaça wagtynda hasaby deňlemegi başardy. Eminiň goşmaça beren 4 minutynyň soňunda, has takygy, Floriýan Ležen 90+4-nji we 90+5-nji minutlarda hasaby deňledi. Şunlukda Ançelottiniň şägirtleri agza-burna gelen ýeňşi elden giderdiler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň