Ýeňiş gazanan Tokio – 2020-ä gatnaşar

11:5022.01.2020
0
782

Şu gün Tailandda dowam edýän 23 ýaşa çenlileriň arasyndaky Aziýa futbol çempionatynyň ýarym final duşuşyklary oýnalar. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ýygyndylary kesgitleýän bu ýaryşyň ýarym finalynda Saud Arabystany bilen Özbegistanyň ýygyndylary hem-de Awstraliýa bilen Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary özara duşuşar. Saud Arabystany bilen Özbegistanyň arasyndaky oýun Aşgabat wagty bilen 15:15-de, Awstraliýa-Günorta Koreýa duşuşygy bolsa, 18:15-de başlanýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ýaryş, Ýaponiýadan başga ýene-de 3 topara Tokio Olimpiadasynda çykyş etmäge ygtyýar berýär. Ýagny çempionatda medal gazanan ýygyndylar Tokio – 2020-ä wekilçilik ederler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň