Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow şertnama üçin russiýaly hüjümçi bilen ýaryşar

03:1620.01.2020
0
1025

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow «Nawbahoryň» düzümindäki türgenleşiklerde we ýoldaşlyk duşuşyklarynda russiýaly Artýom Şerbak bilen göreşmeli bolar. Çünki topar häzir esasy düzüme üç hüjümçini gözden geçirýär. Olaryň biri biziň ildeşimiz, ikinjisi Artýom Şerbak, üçünjisi bolsa, özbek futbolçysy Şahboz Erkinow.

― Erkinowy geçen ýyldaky oýunlary arkaly hem ýakyndan tanaýarys. Galan iki legioneri bolsa öňde boljak ýoldaşlyk duşuşyklarynda uly üns bilen synlarys. Olaryň haýsy biri özüni gowy görkezip, maksada okgunly we ýiti futboly bilen bize ýarasa, şonuň bilen şertnama baglaşarys ― diýip, baş tälimçi Andreý Kançelskis metbugata beren interwýusynda aýtdy.

Täze futbolçylaryň, şol sanda legionerleriň hem birnäçesini gözden geçirýän topar geçen ýylky düzümi hem saklap galmagy maksat edinýär. Türkiýede boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Wahyt Orazsähedowyň özbek topary bilen şertnama baglaşyp-baglaşmajakdygyny belli eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň