Soňky habarlar

Arhiw

Selim Nurmyradow «Bunýodkoryň» türgenleşiklerine goşuldy

10:2006.01.2020
0
16275

Täzelikde Özbegistanyň «Bunýodkor» futbol toparyna goşulan Selim Nurmyradow toparyň täze möwsüme görýän taýýarlyklaryna hem ýetişdi. Türkmenistanly futbolçy eýýäm Daşkentde topar bilen bile türgenleşýär.

«Bunýodkoryň» täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygy 21-nji ýanwarda Yragyň «Al-Zawra» toparynyň garşysyna bolar. Bu duşuşyk AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriler. Şu gün topar okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.  

Kazanyň «Rubininde» ýetişen 23 ýaşly Selim Nurmyradowyň ýakynda «Bunýodkor» bilen bir ýyllyk şertnama baglaşandygyny ýatladýarys. Onuň şertnamasy şu ýylyň dekabr aýyna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň