Soňky habarlar

Arhiw

MMA: Ýemelýanko ýene-de nakaut bilen ýeňiş gazandy

13:1429.12.2019
0
14123

MMA-nyň russiýaly pälwany Fýodor Ýemelýanko Ýaniýada geçirilen Bellator ýaryşynyň çägindäki tutluşykda amerikaly Kuinton Jeksony eýýäm birinji döwde nakaut bilen ýeňdi. Hatda tutluşykdan soňra Jeksona lukmanlaryň kömegi gerek boldy diýip, TASS habarlar agentligi ýazýar.

Şeýlelikde, 43 ýaşly russiýaly pälwan kareýarsyndaky 39-njy ýeňşini gazandy. Ol 6 tutluşykda bolsa garşydaşlaryndan asgyn gelipdi.

Häzirki wagtda çenli F.Ýemelýankonyň geçiren tutluşyklarynyň 15-si nakaut bilen tamamlandy. 41 ýaşly Jeksonda bolsa 38 ýeňiş, 14 utulyş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň