«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:5625.12.2019
0
11002

Türkmenistanyň ösüşiniň esasy meýillerini, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan milli toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny beýan edýän «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň şu ýyldaky jemleýji sany geçip barýan ýylyň deslapky netijelerini jemledi ― diýip, TDH habar berýär.

Şeýle hem žurnal ýurdumyzyň ykdysady wezipelerini çözmäge ýardam etmek maksady bilen, maliýe, salgyt-býujet, pul-karz syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça ylmy syn makalalaryny, dünýäde bar bolan öňdebaryjy maliýe iş tejribeleri boýunça seljeriş maglumatlaryny çap edýär.

Neşiriň awtorlar topary — ykdysadyýetiň, bank işiniň, maýa goýumlaryň, ätiýaçlandyrmanyň, buhgalter hasaby we auditiň dürli ugurlarynda alymlary, mugallymlary, kanun çykaryjylary we beýleki hünärmenleri birleşdirýän bilermenler bileleşigi bolup durýar.

Žurnalyň täze sanynyň tematikasy Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny, ýurdumyzyň býujet ulgamyny we onuň 2020-nji ýyl üçin maksatlaýyn ugurlaryny, döwlet Baştutanymyzyň innowasion ösüşiň esasy ugry hökmünde kesgitlän sanlylaşdyrma işi bilen bagly meseleler gurşap alýar.

Žurnalyň sahypalarynda halkara hyzmatdaşlygy ulgamynda hem geçirilýän işler beýan edilip, onuň dürli ugurlaryna uly üns berildi.

Žurnalyň sahypalarynda şeýle hem makroykdysady nusgalaşdyrmak ulgamynda onuň Türkmenistanyň ýerlerine uýgunlaşmagyndan ugur alyp, ABŞ, Şweýsariýa, Niderlandlar, Singapur ýaly ösen ýurtlaryň tejribesi, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen iri möçberli meýilnamalary amala aşyrmak maksadynda iş ýüzünde peýdalanylmagy seljerilýär.

Makalalary ýazanlar, bir tarapdan, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň we ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda önümçiligiň netijeli bolmagynyň, bazarlaryň giňeldilmeginiň we önümleriň bäsleşige ukyplylygynyň artmagynyň, täze pudaklaryň döredilmeginiň, maýa goýum işjeňliginiň ösmeginiň, ilatyň girdejileriniň hem-de sarp ediliş mukdarynyň ýokarlanmagynyň netijesinde innowasion ösüşiň ykdysady taýdan ýokarlanmagynyň esasy çeşmesine öwrülýändigi barada netijä gelýärler.

Beýleki tarapdan, ykdysady ösüş täze önümleriň hem-de tehnologiýalaryň peýda bolmagy üçin mümkinçilikleri giňelder, döwletiň ynsan maýasynyň (ilkinji nobatda, bilime we ylyma) ösmegine, şeýle hem innowasiýalary goldamaga maýa goýumlaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Şu özara baglanyşyga žurnalda Türkmenistanyň obasenagat ulgamyny sanlaşdyrmagyň hem-de takyk ekerançylygy ösdürmegiň mysalynda garalýar.

«Maliýe we ykdysadyýet» žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip, onuň sahypalarynda daşary ýurtly hünärmenleri, işewürleri we seljerijileri bilermenlik nukdaýnazaryndan gatnaşmaga çekip, pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň