Täze ýyl baýramçylygynda Türkmenistanda üznüksiz awtobus hyzmaty ýola goýlar

13:4224.12.2019
0
26322

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Täze ýyl baýramy mynasybetli, ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň hasda ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik awtobuslarynyň Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi ugurlar hem-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça 2019-njy ýylyň 31-nji dekabry sagat 05:00-dan 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 03:00-a çenli, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglarynyň gije-gündiziň dowamynda hyzmat etjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Awtoulag hyzmatlary boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda aşakdaky telefon belgiler boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri — (+99312) 28-58-15, 28-60-30, 28-60-80 we taksi hyzmatlary üçin 76-05-01; 76-05-02; 76-05-03;

Mary şäheri — (+993522) 7-96-22, 5-61-99, 5-60-12;

Türkmenabat şäheri — (+993422) 6-29-01, 6-34-37;

Daşoguz şäheri — (+993322) 6-62-87, 6-07-04;

Balkanabat şäheri — (+993222) 6-79-06, 6-66-06;

Türkmenbaşy şäheri — (+993243) 4-79-24, 4-79-35.

Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçada geçiriljek baýramçylyk çäresi tamamlanandan soňra, Arçabil şaýolunyň ugrundan aşakdaky çyzgyda görkezilen şäheriçi awtobuslaryň hereket edip, olaryň bellenen ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrjakdyklary barada Size habar berýäris.

HORMATLY ÝOLAGÇYLAR!

Aşgabat şäherindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki Baş arçada geçiriljek baýramçylyk çäresi tamamlanandan soň, bu ýerden hereket edip başlap, bellenen ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrjak awtobuslar barada maglumat Ýolagçylaryň jemgyýetçilik awtobuslaryna münýän ýeri

Gündogara gidýän ugurlar (Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen): 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15, 16, 17, 18, 19, 20, 21, 22, 23, 26, 27, 28, 29, 30, 31, 32, 33, 34, 35, 36, 37, 38, 39, 40, 42, 43, 47, 53, 55, 56, 57, 58, 60, 69, 72, 73, 77.

Günbatara gidýän ugurlar (Bekrewäniň üsti bilen): 6, 10, 13, 21, 25, 29, 30, 33, 46, 49, 50, 51, 52, 56, 59, 60, 61, 62, 63, 64, 74.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň