Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Hytaýyň ýygyndysyndan ýeňildi.
Şu gün Poreç şäherinde geçirilen duşuşyk hytaýly futzalçylaryň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Häzir dünýä reýtinginde Hytaý 74-nji, Türkmenistan 69-njy basgançakda. Biziň futzalçylarymyzyň mundan bir hepde ozal geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda edil şu ýygyndyny 6:1 hasabynda ýeňendigini ýatdalýarys.
Halkara ýaryşa bäş ýygyndy gatnaşýar. Olar Türkmenistanyň, Bosnýa we Gersegowinanyň, Hytaýyň, San-Marinonyň we Çernogoriýanyň ýygyndylarydyr.
Türkmen futzalçylarynyň 17-nji dekabrdaky garşydaşy San-Marinonyň ýygyndysy bolar.