«Rosneft», «Lukoýl» we «Gazprom» kompaniýalary Türkmenistan bilen nebitgaz babatyndaky hyzmatdaşlyga taýýar

12:3614.12.2019
0
12081

Russiýanyň daşary işler ministri, GDA döwletleri boýunça Üçünji departamentiniň başlygy Aleksandr Sternik Russiýanyň öňdebaryjy eregiýa kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdýar. «RIA Nowosti» habarlar agentligine beren beýanatynda ministr: «Russiýanyň iri energiýa kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär. Olaryň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça öz teklipleri bar. Häzir ikiçäk hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Ilkinji nobatda bolsa taraplar iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine üns berýär» diýip, nebitgaz ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljeginiň has parlak boljakdygyny buşlady.

Russiýaly diplomata «Gazprom» bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada sowal berildi. Ol «Gazpromyň» häzirki wagtda Türkmenistandan her ýylda 5,5 milliard kub metr gaz almak baradaky şertnama gol çekendigini aýtdy. Ol geljekde bu mukdaryň artdyrylmagynyň hem mümkindigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň