Soňky habarlar

Arhiw

Abdylla Gurbannepesow: «Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň ýarym finala çykmaga mümkinçiligi bar»

11:4208.12.2019
0
3394

Aşgabadyň “Olimpiýa” myhmanhanasynda futzal boýunça 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň bijeleri çekildi. Yklym ýaryşy Aşgabat şäherinde 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda geçiriler. Bije çekilişik dabarasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany Abdylla Gurbannepesow “Türkmenportalyň” žurnalistine interwýu berdi.

 Abdylla, Türkmenistan futzal boýunça Aziýa çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär. Öz ýurdumyzda geçirilýän çempionatda milli ýygyndymyzyň üstünlikli çykyş etmegi belli bir derejede kapitana hem bagly.

― Men muňa aňryýany bilen düşünýärin. Toparyň kapitany hökmünde oglanlara ruhy tarapdan, umuman, hemme tarapdan goldaw berýärin.

 Siziň pikriiňizçe, çempionatdaky iň güýçli ýygyndylar haýsylar?

― Ilkinji nobatda Eýran. Olar yzda galan 15 çempionatyň 12-siniň ýeňijisi. Soňra Ýaponiýa, Tailand we Özbegistan.

― Toparçada Türkmenistan haýsy ýygyndyny özi üçin has güýçli garşydaş hasaplaýar?

― Wýetnamyň ýygyndysy bilen duşuşygymyz has kyn geçer. Ýöne jemleýji ýaryşa çykan bolsalar, Täjigistan bilen Omana-da gowşak garşydaş diýip bolmaz. Umuman, toparçamyzda, ejiz wekil ýok.

― Türkmenistanyň ýygyndysynyň taýýarlyk derejesi nähili?

― Ýylyň başyndan bäri Horwatiýada, Kuweýtde, Türkiýede, Bolgariýada okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdik, halkara ýaryşlara, ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşdyk. Aziýa çempionatyna çenli hem meýilleşdirýän ýygnanyşyklarymyz bar. Umuman, taýýarlyk ýokary derejede.

― Baş tälimçi Türkmenistanyň futbol toparynyň ýarym finala çykmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Bu barada siz nähili pikirde?

― Tälimçimiz ynanýan bolsa, biz hem ynanýarys. Baý tejribe topladyk, güýçli garşydaşlar bilen duşuşyklary geçirdik. Öz güýjümiziň ölçegini bilýäris. Nesip bolsa, iň gowy, iň mynasyp oýun bilen janköýerlerimizi begendirmäge çalşarys.

― Abdylla, söhbetdeşlik üçin sag boluň! Size Aziýa çempionatynda üstünlik arzuw edýäris! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň