«Röwşen» hususy kärhanasy täze fabrigi gurmagy meýilleşdirýär

22:5607.12.2019
0
4564

«Röwşen» HK erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen aýakgaplarynyň her günki çykarylyşyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Maryly telekeçiler munuň üçin 800 iş orunly döwrebap iri fabrik gurmagy we ýylda birnäçe million jübüt aýakgap öndürmegi göz öňünde tutýarlar. Bu iri taslamany durmuşa geçirmek üçin hususy kärhana ýedi gektar ýer bölünip berildi.

Kärhananyň öz güýji bilen ýakyn iki ýylda gurjak döwrebap aýakgap önümçiligi arassa çig maldan, dokma we beýleki materiallardan aýakgabyň ähli detallaryny, şol sanda aýakgabyň aşagyny hem çykarmaga niýetlenen awtomatlaşdyrylan hem-de robotlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün ediler.

Innowasion tehnologiýalar birbada aýakgabyň belli nusgalarynyň onlarça görnüşini öndürmäge we alyjylaryň islegine çalt seslenmäge mümkinçilik berer. Munuň özi diňe bir içerki bazaryň talaplaryny üpjün etmän we önümiň bu görnüşiniň importynyň möçberini azaltman, eýsem onuň eksport mümkinçiligini hem has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň maldarçylkyk hojalyklary we arassa derini hususy iberijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýan, şeýle hem ony işlemek üçin zerur binýady bolan «Maksat Deri» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kärhanany deri aýakgap önümçiligi üçin ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýär.

Häzirki wagtda «Röwşen» hususy kärhanasy ýylda daşary ýurtlardan getirilýän we ýerli çig maldan 300 jübüte golaý aýakgap çykarýar. Alyjylaryň arasynda ýokary islegli önümler kärhananyň firma dükanlarynda ýerlenilýär, şeýle hem golaý daşary ýurtlara iberilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň