Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 7-nji dekabrda 27-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

23:4905.12.2019
0
3818

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy 7-nji dekabrda geçiriljek 27-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder.

Tapgyryň ilkinji duşuşygynda «Köpetdag» «Altyn asyry» kabul eder. Duşuşykda çempionlygyny bireýýäm yglan eden gaşydaşyny ýeňip, «Köpetdag» dördünjilikden ýokarky basgançaklaryň birine çykmaga synanyşar. «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk 7-nji dekabrda, sagat 15-de başlanar. Duşuşygyň baş emini daşoguz A.Sapaýew bolar.

Günüň duşuşyklary paýtagtyň «Nisa» stadionynda geçiriljek «Aşgabat» ― «Nebitçi» duşuşygy bilen dowam eder. Bu duşuşyk çempionatyň altynjy basgançagy ugrundaky göreşe öwrüler. Häzir 27 utukly «Aşgabat» 6-njy, 26 utukly «Nebitçi» bolsa 7-nji orunda. Toparlaryň şu möwsümde geçiren üç duşuşygynyň ikisi «Aşgabadyň», biri «Nebitçiniň» ýeňşi bilen tamamlanypdy. Bu duşuşyk hem gündiz sagat 15-de başalanar. Onuň baş emini paýtagtly A.Gurbanow bolar.

Şol gün Türkmenbaşy şäherinde ýerli «Şagadam» «Energetigi» kabul eder. Ýaryş tertibiniň ikinji basgançagy üçin «Ahal» bilen göreşýän «Şagadama» ýeňşiň juda möhümdigi öz-özünden düşnüklidir. Häzir «Şagadamda-da», «Ahalda-da» 48 utuk bar.

«Şagadam» ― «Energetik» duşuşygy gündiz sagat 15-de başlanar. Onuň baş emini paýtagtly Jumamyrat Jumamyradow bolar.

Mary şäherindäki Sport toplumynda «Merw» «Ahaly» kabul eder.Myhman topar üçin ikinji orun ugrundaky göreş hem juda möhümdir. Elbetde, «Ahal» Türkmenistanyň kubogynda hem finala çykdy. Emma kubok duşuşygynda «Altyn asyr» ýeňiş gazansa, AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryna çempionatda ikinji orny eýelän topar gatnaşar. Bu orun ugrunda bolsa «Ahal» bilen «Şagadamyň» arasynda ýiti bäsdeşlik dowam edýär.

Bu duşuşyk hem gündiz sagat 15-de başlanar. Tejenli Arslan Goşşanow duşuşygyň baş emini bolar. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň