Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

22:3022.11.2019
0
6156

2019-nji ýylyň 27 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde  Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünlikleri görkezmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň resmi internet saýtynyň ýazmagyna görä,  “Türkmentel - 2019” – sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär. Eksponentler, özleriniň iň ýokary üstünliklerini görkezmek bilen, telekommunikasiýa sektoryna biznes ýöretmekde täze mümkinçilikleri we işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýup, geljekdäki şertnamalarda we taslamalarda durmuşa geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň