Soňky habarlar

Arhiw

«Kerwen» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Merkezi zolagynda çempion boldy

20:1918.11.2019
0
1620

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşy “Kerwen” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

10-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda “Kerwen” birinji orun ugrundaky esasy bäsdeşi “Köpetdag” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 21-e ýetiren “Kerwen” ýaryş teretibinde birinji orny eýelemegi başardy.

Birinji liganyň Aşgabat zolagyna 5 topar gatnaşdy. Iki aýlaw görnüşinde geçirilen çempionatda «Kerwen» 8 duşuşykda 21 utuk toplap bildi. Geçen ýylky çempion «Köpetdag» bolsa bu ýyl 15 utukda galdy. «Köpetdag» bilen deň dereje utuk toplan, ýöne pökgi gatnaşygy boýunça az-kem yza galan Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Hasyly» ýaryşy üçünji orunda tamamlady.

Şeýle hem dördünji orundaky «Binagär»7, bäşinji orundaky «Paýtagt» 1 utuk toplap bildi. «Hasyldan» Guwanç Kaýirow  8 duşuşykda 9 gezek tapawutlanyp, ýaryşyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Ýeri gelende aýtsak, birinji liganyň duşuşyklary welaýatlarymyzyň hemmesinde geçirilip, her zolagyň ýeňijisi jemleýji bäsleşikde güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Birinjiligiň jemleýji bäsleşigi 23-nji noýabr – 1-nji dekabr aralygynda paýtagtymyzda geçiriler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň