Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Şri-Lankanyň garşysyna ýaşyl köýnekçede çykar

13:0918.11.2019
0
6931

Şu gün Aşgabatdaky «Sport» myhmanahanasynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çägindäki Türkmenistan ― Şri-Lanka duşuşygynyň öňýanyndaky maslahat bolup geçdi. Oňa duşuşygyň resmi adamlary, ýygyndylaryň menejerleri we AFK-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýygyndylaryň ertirki duşuşykda geýjek köýnekçeleriniň reňki belli edildi. Duşuşuşykda biziň ildeşlerimiz ýaşyl, myhmanlar bolsa sary köýnekçede oýnar.

Ertir ― 19-njy noýabrda «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 16-da başlar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň