Ruslan Mingazow «Irtyşdaky» geljegi baradaky sowala jogap berdi

20:5515.11.2019
0
4731

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň we «Irtyş» futbol klubynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Spots.kz saýtyna gazak toparyndaky geljegi dogrusynda gysgaça maglumat berdi.

— Biz häzir klub bilen gürrüňdeşlikleri geçirýäris, ýöne heniz täze şertnama gol çekemok ― diýip, ýarym goragçynyň aýdanlary saýtyň habarynda getirilýär.

Ruslan Mingazowyň topara möwsümiň ahyryna çenli hereket edýän şertnama bilen iýun aýynda goşulandygyny ýatladýarys. Ildeşimiz bu ýerde on bir duşuşyga gatnaşyp, iki gezek tapawutlandy. Üç goluň bolsa asisstini etdi. Ol möwsümiň birinji ýarymynda Çehiýanyň «Prşibramynda» kärendede çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň