Soňky habarlar

Arhiw

15-nji noýabrda Türkmenabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş dabarasy geçiriler

20:4509.11.2019
0
473
15-nji noýabrda Türkmenabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş dabarasy geçiriler

Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna «Türkmen gündogary» gazetinde bildiriş berdi.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň zalynda sagat 11:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçiriler. Şeýle hem bildirişde kärhanalaryň, guramalaryň,edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri; işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda geçiriler. Gyzyklanýan taraplar (800422) 3-17-28 telefon belgisine ýüz tutup bilerler.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň