Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-19) Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Ýemeniň ýaşlaryndan ýeňildi

23:2806.11.2019
0
5214

Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli futbol ýygyndysy Aziýa çempionaty ― 2020-niň Kataryň Doha şäherinde geçirilýän saýlama tapgyryna utulyş bilen girişdi. Ýaşlar ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda Ýemeniň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Ýygyndymyzyň ýeke-täk goluny duşuşygyň ikinji ýarymynda Igor Sekow geçirdi. Duşuşyga stadionda 300 janköýer tomaşa etdi.

Ýemen bilen birlikde türkmen futbolçylarynyň toparçasynda Kataryň we Şri-Lankanyň ýygyndylary hem bar. Biziň ýygyndymyzyň 8-njy noýabrdaky garşydaşy bolan Kataryň ýygyndysy toparçadky ilkinji duşuşygynda Şri-Lankany 5:1 hasabynda ýeňdi.

Aziýa çempionatyna saýlama tapgyryň her toparçasynyň ýeňijisi bilen toparçalarda ikinji orny eýelän 5 ýygyndy gatnaşyp biler. U-19 Aziýa çempionaty 2020-nji ýylda Özbegistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň