Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda pagta tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasy berjaý edildi

23:4005.11.2019
0
5474

Şu gün bu ýerde sebitiň pagtaçylarynyň şöhratly zähmet ýeňşi mynasybetli dabara geçirildi. Olar ilkinjileriň hatarynda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri barada hasabat berdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri döwlete 313 müň tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyrdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Mary welaýatynyň pagta meýdanlarynda ýygym möwsümi başdan ýokary depgine eýe boldy. Oňa gatnaşanlar ýetişdirilen bereketli hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli güýçlerini sarp edip, zähmet çekdiler. Gowaçanyň ýapragyny düşürmek işiniň has oňaýly agrotehniki möhletde geçirilmegi, gymmatly çig malyň mehanizmler arkaly netijeli ýygnalyp alynmagyny üpjün etdi. Bu işlerde ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlary işledildi.

Şu ýyl Ýolöten, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynyň ekerançylary möwsümiň öňdebaryjylary boldular. Soňra welaýatyň beýleki hojalyklarynyň pagtaçylary ýeňişli tapgyry dowam etdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň