Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Olimpiýa oýunlarynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar

23:0901.11.2019
0
4580

Halkara basketbol federasiýasy tarapyndan Olimpiada ― 2020-niň 3x3 basketbol boýunça saýlama ýaryşlarynyň bije çekilişigi geçirildi. Ýaryşlara Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hem gatnaşar.

Basketbolyň soňky ýyllarda meşhurlygy has artýan bu görnüşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda ilkinji dört ýollanma eýýäm belli. Çünki dünýä sanawynda öňdäki dört orny eýeleýän ýygyndylar Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlaryny geçirmesizden gatnaşyp bilýärler. Şeýlelikde, erkekleriň arasynda Serbiýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Ýaponiýanyň, zenanlaryň arasynda bolsa Russiýanyň, Hytaýyň, Mongoliýanyň we Rumyniýanyň ýygyndylary Olimpiada ― 2020-däki garşydaşlaryna garaşýar diýip bileris.

Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak galan ýygyndylar bolsa dünýä sanawynda 5 ― 24-nji orunlary eýeleýän ýygyndylaryň arasynda geçiriler. Saýlama tapgyryň duşuşyklaryny 2020-nji ýylyň martynda Hindistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Geçirilen bije çekilişigiň netijesine görä, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy «B» toparçada ýaryşar. Biziň topardaşlarymyz bolsa Eýranyň, Ýaponiýanyň, Ukrainanyň we Awstraliýanyň ýygyndylary bolar.

Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň saýlama tapgyry. Zenanlar

«A» toparça: Fransiýa, ABŞ, Germaniýa, Urugwaý, Indoneziýa.

«B» toparça: Eýran, Ýaponiýa, Ukraina, Türkmenistan, Awstraliýa.

«C» toparça: Niderlandlar, Estoniýa, Belarus, Wengriýa, Şri-Lanka.

«D» toparça: Italiýa, Taýwan, Çehiýa, Şweýsariýa, Hindistan.

Basketbolyň 3x3 görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna Halkara Olimpiýa komitetiniň Karary bilen 2017-nji ýylyň iýun aýynda goşuldy. Mundan ozal hiç bir Olimpiýa oýunlarynda hem basketbolyň bu görnüşi boýunça ýaryş geçirilmändi.

Basketbolyň 3x3 görnüşinde her topara dört oýunçy wekilçilik edýär. Duşuşyklar arassa 10 minut dowam edýär. Eger şol wagta çenli haýsydyr bir topar 21 utuk toplasa, duşuşyk şol wagt ýatyrylyp bilner. 3x3 basketbol boýunça ilkinji dünýä çempionaty 2012-nji ýylda geçirildi. Olimpiýa oýunlary ― 2020-de bolsa erkekleriň we zenanlaryň arasynda iň güýçli 8 ýygyndy ýaryşyp biler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň