Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ― 2020: Aziýa zolakda saýlama ýaryşlar başlady

11:1222.10.2019
0
3565

Düýn ― 21-nji oktýabrda futzal boýunça 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň Aziýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Zolak ýaryşlarynyň AFF futzal çempionaty ― 2019 bilen ugurdaş geçirilýändigini ýatladýarys. Duşuşyklar Wýetnam Respublikasynda geçirilýär.

Iki toparçada geçirilýän ýaryşlarda «A» toparçany Tailandyň, Mýanmanyň, Gündogar Timoryň we Kambojanyň ýygyndylary emele getirdi. «B» toparçada bolsa Wýetnamyň, Indoneziýanyň, Malaýziýanyň we Awstraliýanyň ýygyndylary ýaryşýar. Düzgünnama görä, toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylar ýarym finala çykarlar. Ýarym finalyň ýeňijileri final, utulan ýygyndylar bolsa, üçünji orun ugrunda duşuşyk geçirerler. Zolak boýunça iň öňdäki üç orny eýelän ýygyndy Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanar.

Düýn zolagyň ýaryşlaryna badalga berildi. «A» toparçadaky Tailand ― Kamboja duşuşygy saýlama tapgyrdaky iň uly hasap, bu toparlaryň birinjisiniň 12:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Mýanma bolsa Gündogar Timory 6:1 hasabynda ýeňdi.

«B» toparçada Malaýziýa Indoneziýadan 2:3 hasabynda asgyn geldi, Wýetnam bolsa Awstraliýany jogapsyz pökgüleriň ikisi bilen ýeňdi.

Şu gün «A» toparçada Kamboja bilen Mýanma, Gündogar Timor bilen Tailand, «B» toparçada bolsa Indoneziýa bilen Wýetnam, Awstraliýa bilen Malaýziýa duşuşar.

Şeýle hem şu gün Günbatar zolakda üçünji orny eýelän ýygyndylaryň duşuşygy geçiriler. BAE ― Oman duşuşygynyň ýeňijisi zolakdan bäşinji wekil hökmünde Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanar.

Biziň zolagymyzda ýaryşlar ertir ― 23-nji oktýabrda başlanar. Türkmen futzalçylary ilkinji duşuşygyny Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň