Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: Mihail Titow dört duşuşykda 6 gezek tapawutlanyp, öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy

14:0720.10.2019
0
1116

Ýokary liga ― 2019-daky ilkinji goluny 18-nji tapgyrda «Şagadamyň» derwezesine geçiren hüjümçi Mihail Titow «Altyn asyryň» soňky dört duşuşygynda 6 gezek tapawutanyp, möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň arasynda ilkinji ýedilige girdi. Hüjümçiniň şikes sebäpli arakesmeden soňra Ýokary liga örän çalt uýgunlaşyp, tälimçilerini we janköýerleri begendirýän oýny orta goýýandygyny saýtymyzda ozal hem habar beripdik.

18-nji tapgyrda «Şagadamyň» derwezesine bir pökgi geçiren hüjümçi 19-njy tapgyrda «Merw» bilen geçirilen duşuşygyň hem eýýäm 2-nji minudynda tapawutlanypdy. Geçen tapgyrda «Köpetdag» bilen bolan oýunda bolsa ol derwezä barýan dogry ýoly üç gezek tapdy. Bu gezek hem «Aşgabadyň» derwezesinden bir pökgi geçiren hüjümçi soňky oýunlarda topary üçin esasy hüjüm ýaraglarynyň birine öwrüldi.

Mihail Titowyň Ýokary ligada ilkinji gezek 2015-nji ýylda «Ahalyň» düzüminde çykyş edip başlandygyny ýatladýarys. Karýerasyna wagtdal-wagtal agyr şikesler badak salýan hüjümçi 2015-nji ýyldan bäri çempionatda 31 gezek tapawutlandy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň