TÝL ― 2019: «Şagadam» 40 utukly ikinji topar

13:5220.10.2019
0
1130

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda düýn Balkanabadyň «Nebitçisinden» üstün çykan «Şagadam» bu ýeňiş bilen möwsümde toplan utuklaryny 41-e çykardy. Şeýlelikde, kenarýaka şäheriň topary şu möwsümde 40 utuklyk sepgitden geçip bilen ikinji topar boldy. 21 tapgyrda 20 duşuşyk geçiren ýaryşyň liderinde ― «Altyn asyrda» 47 utugyň bardygyny ýatladýarys.

41 utuklyk sepgitde «Şagadam» garşydaşlaryny 12 gezek ýeňip, 4 gezek olardan asgyn geldi. 5 duşuşykda bolsa utuklar paýlaşyldy. Kenarýaka şäheriň topary bu utuklary garşydaş derwezelere 34 pökgi geçirmek bilen gazandy. Topar öz derwezesinde bolsa, 20 pökgi gördi. Ýeri gelende aýtsak, Akmämmet Metdäýew («Nebitçi») şu möwsümde «Şagadamyň» derwezesinden 20-nji pökgini geçiren futbolçy boldy.

Öňdebaryjydan 6 utuk yza galan «Şagadam» ikinji orun üçin «Ahal» bilen göreş alyp barýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň