Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Türkiýäniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer

13:4520.10.2019
0
4278

Türkmenistan ― 2020-niň Eýranda geçiriljek saýlama duşuşyklaryndan soňra Türkemnistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Stambul şäherine geler. Bu ýerde horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky milli ýygyndymyz okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçer.

Bu ýygnanyşygyň çäginde türkmen futzalçylary Türkiýäniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Bu duşuşyklar 30-njy oktýabrda we 1-nji noýabrda bolar.

Saýlama ýaryşlaryň Merkezi zolagynda ýaryşýan ildeşlerimiziň garşydaşlarynyň Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylarydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň