Soňky habarlar

Arhiw

Dmitriý Homuha «Altyn täç» toparynyň türgenleşiklerine gatnaşdy

15:4218.10.2019
0
8880

Türkmenistana iş saparynyň dowamynda Russiýanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň uly tälimçisi Dmitriý Homuha Aşgabatda «Altyn täç» toparynyň türgenleşiklerine baryp gördi.

Türkmneistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky görnükli oýunçysy körpe futbolçylaryň hem-de «Altyn täjiň» tälimçisi, gowy dosty Ahmet Agamyradowyň haýyşy boýunça çagalaryň türgenleşikleriniň myhmany boldy.

 «Siz örän gowy şertlerde türgenleşýärsiňiz. Biz çagakak, beýle mümkinçilikler ýokdy. Siziň ukyply futbolçylary ýetişdirip bilýän örän ussat tälimçiňiz bar. Şonuň üçin hem men size hemişe irginsiz türgenleşikleriňiziň miwesini görmegiňizi arzuw edýärin. Tälimçi siziň gowy futbolçy, ilkinji nobatda bolsa gowy adam bolup ýetişmegiňiz üçin alada edýär. Hemişe tälimçiňizi üns bilen diňläň. Hemmäňize geljekde üstünlikleri arzuw edýärin. Sizi Türkmneistanyň futbol ýygyndysynda göresim gelýär» ― diýip, ol çagalara üstünlik arzuw etdi.

Öz gezeginde «Altyn täç» toparynyň ýolbaşçylary myhmana hoşyllyk bildirip, mundan beýläk hem işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Aşgabatda doglan Dmitriý Homuha türkmen futbolynyň görnükli wekilleriniň biridir. Ol futbola Aşgabadyň futbol mekdebinde Waleriý Nepomnýaşiden tälim almak bilen girişdi. Ikinji synpdan tä mekdebi tamamlaýança bolsa oňa Täçmyrat Agamyradow tälim berdi.

Karýerasyna 1985-nji ýylda «Köpetdagyň» düzüminde başlan D.Homuha Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda hem birnäçe ýyllap çykyş etdi. Hatda ol milli ýygyndymyzyň düzüminde 1998-nji ýylda Tailandda geçirilen Aziýa oýunlaryna hem gatnaşdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň