Dördünji senagat rewolýusiýasy näme?

22:1314.10.2019
0
2766

“Se­na­gat 4.0” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan döw­re­bap aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam mag­lu­mat alyş-çal­şy­gy­ny, önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan has giň ma­ny­da ula­nyl­ýan adal­ga­dyr. Bu rewolýusiýa ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti, in­ter­ne­tiň hyz­mat­la­ry hem-de ki­ber-fi­zi­ki ul­gam­lar­dan yba­rat bo­lup dur­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de bu gur­luş “akyl­ly” fab­rik ul­ga­my­nyň eme­le gel­me­gi­ne hem go­şant goş­ýar. Şeýle hem önüm­çi­lik şert­le­rin­de her bir mag­lu­ma­tyň top­lan­ma­gy­na we ma­za­ly sel­je­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi üçin önüm­çi­li­giň has ne­ti­je­li bol­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Se­na­ga­tyň ta­ry­hy­na ser sa­la­ny­myz­da, il­kin­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­ döw­rün­de su­wuň we bu­guň güý­jün­den peý­da­la­ny­lan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän en­jam­lar we önüm­çi­lik des­ga­la­ry ikin­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­ ha­sap­lan­ýar. Bu dö­wür­de ha­ryt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lup­dyr. Üçün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­ döw­rün­de bol­sa, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň kä­mil­leş­me­gi bi­len önüm­çi­lik köp de­re­je­de aw­to­mat­laş­dy­ryl­dy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­ba­ra­da gür­rüň goz­gal­ýar. Bu dö­wür, esa­san, üç bas­gan­çak­dan yba­rat bo­lup, ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti, in­ter­ne­tiň hyz­mat­la­ry we ki­ber-fi­zi­ki ul­gam­lar­dan yba­rat bo­lup dur­ýar. “Se­na­gat 4.0” bi­len mo­dul­ýar gur­luş­ly “akyl­ly” fab­rik­ler­de fi­zi­ki iş­le­re ki­ber-fi­zi­ki ul­gam­lar ar­ka­ly gö­zeg­çi­lik et­mek, fi­zi­ki dün­ýä­niň hy­ýa­ly bir­meň­ze­şi­ni dö­ret­mek we mer­ke­z­leş­di­ril­me­dik çöz­güt ta­py­jy ul­ga­myň dö­re­dil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti bi­len ki­ber-fi­zi­ki ul­gam­lar öz ara­la­ryn­da hem-de adam­lar bi­len saz­la­şyk­ly iş­läp bil­ýär­ler. Se­na­ga­tyň bu döw­re­bap gör­nü­şin­de ki­ber-fi­zi­ki ul­gam­lar ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti we hyz­mat­la­ryň in­ter­ne­ti ar­ka­ly adam­lar hem-de “akyl­ly” fab­rik­ler bi­len ha­bar­la­şýar­lar. Bu barada “Zaman Türkmenistan” gazetiniň internet saýtynda beýan edilýär.

Hä­zir­ki wagt­da bu ul­ga­my dur­mu­şa ge­çir­mek üçin uly iş­ler edil­ýär. Dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­ döw­rün­de önüm­çi­lik aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ma­şyn­lar ar­ka­ly hyz­mat hö­dür­le­ýän we ha­ryt­lar bi­len mag­lu­mat paý­laş­ýan ul­ga­ma öw­rü­ler. Ger­ma­ni­ýa­nyň Eme­li aň bar­lag­la­ry mer­ke­zi (DFKI) Kaý­zers­lau­tern şä­he­rin­de bu ul­ga­myň nä­hi­li iş­le­jek­di­gi­ni gör­kez­ýän ma­ket taý­ýar­la­dy. Ony taý­ýar­la­ma­ga “Sie­mens” we baş­ga-da ýig­ri­mä go­laý kom­pa­ni­ýa we yl­my-bar­lag mer­ke­zi gat­na­şyp­dyr. Bu ýer­de ki­çi­räk “akyl­ly” za­wod­da ha­ryt­la­ryň ön­dü­ri­li­şi, ha­ryt­la­ryň önüm­çi­lik ma­şyn­la­ry bi­len nä­hi­li ha­bar­laş­jak­dy­gy gör­ke­zil­ýär. Dör­dün­ji se­na­gat re­wol­ýu­si­ýa­sy­ ul­ga­myň yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­gy­na we bök­denç­li­gi ba­da-bat bi­lip, öňü­ni al­ma­ga, ener­gi­ýa­nyň we beý­le­ki çeş­me­le­riň tyg­şyt­ly ula­nyl­ma­gy­na, ne­ti­je­li­li­gi art­dyr­ma­ga, ha­ry­dyň özü­ne düş­ýän ba­ha­sy­ny pe­selt­mä­ge, tä­ze hyz­mat ediş usul­la­ry­ny tek­lip et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň