Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýa reýtinginde 15-nji orunda

16:3013.10.2019
0
1518

Indiki ýylyň fewraly ― marty aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň täzelenen reýtinginde 15-nji orunda ýerleşdirildi. Geçen sanawda 14-nji orundan ýer alan türkmen futzalçylary Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edendigine garamazdan, reýtingde bir basgançak aşak düşdüler. Munuň hem sebäbi täze reýtinge Awstraliýanyň ýygyndysynyň hem girizilenligidir.

Sanawyň başyny dünýäniň hem iň güýçli ýygyndylarynyň biri eýranly futzalçylar çekýärler. Ikinji orunda Ýaponiýanyň, üçünji orunda bolsa Tailandyň ýygyndylary bar. Reýtingi ilkinji bäşligini Awstraliýanyň we Özbegistanyň ýygyndylary jemleýär.

Reýtingde AFK-a agza 41 federasiýasynyň 34-siniň ýygyndylary girizilipdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň