Soňky habarlar

Arhiw

«Tebigy ekin» ilkinji ekerançylyk ýylynda müňlerçe tonna gök önümleri öndürdi

17:3510.10.2019
0
2742

«Tebigy ekin» daýhan hojalygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararynyň esasynda 99 ýyllyk ýer gaznasyny alyp, ony üstünlikli işledýän hususy taraplaryň biridir. Ilkinji önümçilik ýylynda bu daýhan hojalygy Çärjew etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginiň çägindäki ýerlerde 2500 tonna ýeralma, 35 tonna kelem, 18 tonna bolgar burçy, 40 tonna pomidor, 60 tonna badamjan we beýleki ekinleri ýetişdirip, bereketli bazarlarymyzda ilata hödürledi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Halk Maslahatynyň taryhy Kararynyň esasynda Lebap welaýatynda şeýle daýhan hojalyklarynyň birnäçesi döredildi. «Tebigy ekin» daýhan hojalygy Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşmek bilen, onuň esasy maksady şäheriň ilatyny zerur gök we miwe önümleri bilen üpjün etmäge gatnaşmakdyr. Bu daýhan hojalygy ýerli bazardan artyk önümleri daşary ýurtlara eksport etmegi hem meýilleşdirýär 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň