Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow Gyrgyzystanyň çempionatynda ýene iki pökgi geçirdi

18:0001.10.2019
0
4040

Bişkek şäheriniň «Dordoý» futbol klubynyň türkmenistanly hüjümçisi Wahyt Orazsähedow toparynyň Gyrgyzystanyň çempionatynda geçiren soňky duşuşygynda hem iki gezek tapawutlandy. Bu barada «Dordoýyň» resmi saýtynda habar berilýär.

«Dordoý» bilen «Neftçiniň» arasynda geçirilen duşuşyk Bişkek şäheriniň toparynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ilkinji we üçünji pökgini biziň ildeşimiz geçirdi. Şeýlelikde, «Alaý» bilen çempionlyk ýaryşyny alyp barýan «Dordoý» utugyny 51-e çykardy.

Duşuşykda iki gezek tapawutlanan milli ýygyndymyzyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow bolsa «Alaýdan» Joel Kojo bilen bilelikde netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär. Bu futbolçylaryň ikisi hem şu möwsümde 15 gezek tapawutlandylar.

27 ýaşly hüjümçiniň 10-njy oktýabrda Liwan bilen geçiriljek duşuşyk üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylandygyny hem ýatladýarys. Bu duşuşyk Beýrut şäherindäki «Kamil Şamun Sports Siti» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň