“Toyota” kompaniýasynyň paýy artar

18:0128.09.2019
0
1496

Ýaponiýanyň iri awtoulag öndüriji kompaniýasy “Toyota” “Subaru” şereketi bilen hyzmatdaşlygyny has hem berkidýär. Häzirki wagtda “Subaru”-da 17 göterim paýnamasy bolan Toyota” bu görkezijini 20 göterime ýetirer. Şertnamanyň bahasynyň 80 milliard ýapon ýeni (650 million dollar töweregi) boljakdygy habar berildi. Bu hyzmatdaşlyk ösüp barýan täze tehnologiýalarda has gowy bäsdeşlik etmek maksady bilen ýerine ýetirildi. Geçen aýda “Toyota” beýleki bir ýapon kompaniýasy bolan “Suzuki” bilen hem maýa goýum babatda hyzmatdaşlyk etmek üçin ylalaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň