Wadim Abramow Özbegistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi

22:1923.09.2019
0
4869

Wadim Abramow Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi diýip, ýurduň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Assosiasiýasynyň tälimçiler geňeşi bu wezipä Wadim Abramowyň dalaşgärligini birazgyzdan goldadylar.  2011-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda özbek ýygyndysy örän gowy netijeleri görkezipdi. Abramowa Timur Kapadze, awstraliýaly Mirko Ýeliçiç we ýerli hünärmen Denis Iwankow ýardam berer.

Wadim Abramow şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri Daşkendiň «Bunýadkoryna» tälim berýärdi. Mundan ozal ol Daşkendiň «Traktor» (2003 ― 2007), «Lokomotiw» (2008 ― 2010), Gazagystanyň «Astana» (2013) toparlarynda hem işledi.

57 ýaşly Wadim Abramow özbek milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, argentinaly hünärmen Ektor Kuperiň ornuna bellenildi. Onuň şertnamasy ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda ýatyrylypdy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň