DÇ ― 2022, saýlama tapgyr: garşydaşymyzyň baş tälimçisi wezipeden boşadyldy

21:5613.09.2019
0
1423

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklarynyň ikinji tapgyrynda Awstraliýadan 0:3 hasabynda asgyn gelen Kuweýtiň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Romeo Ýozak eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýan hünärmen we Kuweýtiň Futbol federasiýasynyň arasynda gepleşikler geçirilip, oktýabr aýynda Kuweýt ― Türkmenistan ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilipdi. FIFA-nyň resmi sanawyna hem girizilen bu duşuşykda Kuweýtiň milli ýygyndysynyň başynda kimiň boljakdygy heniz belli däl.

Aslynda, Kuweýt saýlama tapgyra üstünlik bilen başlady. Milli ýygyndynyň futbolçylary saýlama duşuşyklaryň birinji tapgyrynda iň uly hasaply ýeňşi gazandylar. Has takygy olar, Katar ― 2022-ä uzan ýoluň ilkinji ädiminde Nepalyň ýygyndysyny 7:0 hasabynda ýeňdiler.

46 ýaşly horwatiýaly hünärmen Kuweýtiň ýygyndysyna bir ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýärdi. Romeo Ýozak Kuweýtden ozal «Dinamo» (Zagreb), «Osiek», «Legiýa» ýaly toparlarda, Liwiýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylarynda hem işledi.

Onuň ozalky ýygyndysy ― kuweýtli futbolçylar bolsa 10-njy oktýabrda Iordaniýa bilen duşuşar. Ondan soňra bolsa Kuweýt Türkmenistan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň