Koreýaly futbol janköýerleri «Köpetdag» stadionynda öz milli ýygyndysyny goldamaga garaşýar

23:3208.09.2019
0
13278

Ertir Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň futbol ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşykda «Köpetdag» stadionynda myhman toparyň janköýerleri üçin ýörite ýer aýryldy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jin Ki Hun maglumat berýär.

― Jenap ilçi, siz stadionda öz döwletiňiziň janköýerlerine ýolbaşçylyk etmegi meýilleşdirýärsiňizmi?

― Elbetde, biz duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Biz Koreýa Respublikasynyň janköýerlerini ýygnap, stadionda milli ýygyndymyza janköýerlik ederis.

― Munuň üçin Koreýadan janköýerler Aşgabada geldimi?

―Ýörite topar-a gelmedi. Ýöne Türkmenistanda işläp ýören watandaşlarymyz kän. Janköýerlerimizi şolardan ýygnarys. Men janköýerlerimiziň sany ep-esli bolar diýip garaşýaryn. Şeýlelikde, özümiz üçin aýrylan ýörite ýerde milli ýygyndymyzy goldarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň