Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: iň köp tomaşaçy haýsy duşuşyga geldi?

12:2506.09.2019
0
1252

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň 5-nji sentýabrda geçirilen duşuşyklarynyň haýsy biri iň köp tomaşaçyny stadiona çekip bildikä? Bu sowalyň jogaby hem gyzykly.

«Wikiipedia» erkin ensiklopediýasyndaky maglumatlara görä, iň köp tomaşaçy ýygnanan duşuşyk Indoneziýa bilen Malaýziýanyň arasyndaky duşuşykdyr. Jakarta şäherindäki «Geloro Bung Karno» stadionynda geçirilen duşuşykda ýerli ýygyndyny goldamak üçin 54 müň 659 adam stadiona geldi. Ýöne bu duşuşygyň iň soňky sekuntlarynda Indoneziýanyň ýygyndysy myhmanlardan 2:3 hasabynda asgyn geldi.

Bu sanawda ikinji orny Kambojiýa ― Gonkong (45 500), üçünji orny KHDR ― Liwan duşuşygy (40 000) eýeledi.

Şri-Lanka ― Türkmenistan duşuşygyna bolsa stadionda 1 120 adam tomaşa etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň