Soňky habarlar

Arhiw

Ýetginjek futbolçylaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler

21:4902.09.2019
0
6255

2019-njy ýylyň 6-13-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça ýurdumyzyň birinjiligi geciriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýazylýar.

 Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Tütkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guraýan birinjiligine welaýatlarymyzyň ähli künjegine wekilçilik edýän toparlaryň 5-si (“Ahal”, “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap”, “Mary”) bilen birlikde paýtagtymyzyň 3 topary (“Aşgabat”, GOÝÇÝSM, “Köpetdag”) gatnaşarlar.

Paýgatymyzyň Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň sport desgasynda geçiriljek bäsleşikde toparlar ilki “A” we “B” toparçasynda bäsleşerler.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelänler ýarym finalda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň