Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

23:5831.08.2019
0
11095

30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna

― sanly ykdysadyýete geçmek boýunça konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşy;

― “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi;

― nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny köpeltmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän taýýar önümleriň eksportuny artdyrmak maksady bilen, nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän işler;

― “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilişi, bu ýerde täze ulanyş we gözleg guýularynyň burawlanylyşy;

― Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi döretmek;

― “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk;

― “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli düzümlerde daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan azot, fosfor we kaliý dökünleriniň çykarylyşy;

― türkmen-singapur işewürler forumynyň netijeleri;

― Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek sergisine taýýarlyk görlüşi;

― Türkmenistanda dynç alyş güni berilmezden bellenilýän şanly seneleriň sanawyna üýtgetmeleri girizmek hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky Permanlar;

― “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri;

― sentýabr aýynda meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine, medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri;

― ýurdumyzyň oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler;

― Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak boýunça alnyp barylýan işler;

― milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri, Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk we beýleki meselelerdir alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Döwlet Baştutany olar barada degişli görkezmelerini berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň