Tohumy bir asyr ýa-da 10 asyr saklap, topraga ekseň gögerermi?

13:5330.08.2019
0
1440

Norwegiýanyň Longýir şäherçesindäki ammaryň hünärmenleri bu sowala «Hawa» diýip jogap berýärler.

Has takygy, bu ammarda tohumlar 120 metr çuňlukda, deňiz derejesinden bolsa 130 metr beýiklikde saklanylýar. Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, ammarda oba hojalyk ekinleri üçin niýetlenen tohumlaryň millionlarça nusgasy bar. Has takygy, ammar 4,5 million görnüşli tohumy asyrlaryň dowamynda saklamaga we geljekki nesillere ýetirmäge niýetlenendir.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ammarda tohumyň her bir görnüşi üçin zerur bolan ýylylyk we çyglyk derejesi bilen üpjün edilýär. Ammaryň esasy maksady Ýer ýüzünde ýüze çykyp biljek her hili ýagdaýda tohumlaryň ýitip gitmeginiň öňüni almakdan ybaratdyr. Munuň üçin onda ähli şertler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň