Soňky habarlar

Arhiw

Görogly etrabynda pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görülýär

14:2529.08.2019
0
1683

Görogly etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ýakynlaşyp gelýän pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Şu ýyl etrap boýunça 16500 gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleri ýakynlaşyp gelýän pagta ýygymy möwsümini hemme taraplaýyn taýýarlykly garşylamak üçin giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler. Kärhanada dürli kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň 9-sy, derman pürküjileriň onlarçasy bolup, olaryň ählisi doly abatlanyldy we möwsümde ulanmak üçin taýýarlyk hataryna çykaryldy. Kärhananyň abatlaýjy bölüminde işine ezber ussalaryň onlarçasy zähmet çekýär. Kärhanada pagta ýygymy möwsüminde ulanyljak tehnikalar bilen bagly bökdençlikleriň bolmazlygy üçin ätiýaçlyk çäreleri hem görülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň