Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Ahal welaýatynda öndürilen önümleriň sergisi geçirilýär

17:3826.08.2019
0
6699

25-27-nji awgust aralygynda türkmen wekiliýeti ýurduň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilýän Ahal welaýatynda öndürilen harytlaryň sergisine gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Sergä Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, ýerli kompaniýalar we ýurduň ýaşaýjylary gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynyň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, iki ýurduň hususy sektorlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem, senagat, metallurgiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Eýranyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsir edýändigi belläp geçdi.

Şeýle-de, türkmen wekiliýetiniň Eýrana bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň Horasan-Rezawi we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň