AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» ak, «Hanoý» gök köýnekçede çykyş eder

13:2726.08.2019
0
10204

Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň kubogynyň interzolagynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda duşuşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen “Hanoýyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde ak, “Hanoý” topary bolsa sary köýnekçede çykyş eder.

Ýygnanyşygyň yzysüresi “Altyn Asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň hem-de “Hanoýyň” baş tälimçisi Çu Din Nghiýemiň gatnaşmagynda metbugat ýygnanyşygy geçirildi. Onuň dowamynda baş tälimçiler köpsanly sport žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda “Altyn Asyr” Wýetnamyň “Hanoý” toparyny kabul eder. 27-nji awgustda boljak bu duşuşyk paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 17:00-da başlanar.

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň birinji ýarym finalynda Wýetnamyň “Hanoýyndan” myhmançylykda 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar bolupdy.

Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiş gazanan topar AFK-nyň interzolagynyň finalynda “Abahani Limited” (Bangladeş) bilen “Aprel 25” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň