Gollandiýa döwletinden täze läbik sorujy mehanizmleriň uly tapgyry gelip gowuşdy

12:3021.08.2019
0
1354

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşigine Gollandiýa döwletinden täze läbik sorujy mehanizmleriň uly tapgyry gelip gowuşdy. Täze mehanizm bada-bat garagum derýasynyň hanasyny gyrmançadan arassalamakda işe girizildi. Häzir täze läbik sorujylar derýanyň baş sakasyndan 317-nji kilometrligine çenli aralygynda bökdençsiz işledilýär. Bu ýerde doly awtomatlaşdyrylan täze enjamlaryň 10-sy ýokary öndürijilikli işledilýär. Garagum derýasynda ozalky ulanylýan läbik sorujylardan iş öndürijiligi iki esse ýokary bolan bu täze mehanizmleriň her biri, taslama kuwwatlylygy boýunça sagatda 2400, 2500 kub metr gyrmançany derýanyň hanasyndan daşyna çykarýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň